Biz Hakda
“Myratly Gadam” HK, 2019-njy ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny ýerleşdirýän öňdebaryjy kompaniýalaryň hatarynda çykyş edýär.
“Myratly Gadam” HK, derman serişdeler bazarynda üstünlikli işlemek tejribesi bolan hususy kärhanadyr. Biz, derman serişdeler bilen üpjün edýäris, olary satyn alýarys, şeýle hem ammarlarda saklaýarys. Ýurduň beýleki şäherlerinde şahamçylarymyzyň we wekilhanalarymyzyň barlygy, hususy kärhanamyza köp sanly derman kärhanalarynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge mümkinçiligi berýär.
Şereketimiziň esaslandyran pursadyndan şeýle gysga wagtyň içinde Ýewropada, Aziýada we Merkezi Aziýada belli derman serişdelerini öndürýän kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy we netijeli işleri ýola goýmagy başardyk.

Şereketimiz şu güne çenli öz abraýly adyny saklady we hyzmatdaşlar bilen iş gatnaşyklaryny ynam esasynda döredýär. Biziň şereketimiz ähli dermanhanalaryň arasynda güýçli orny eýeleýän Türkmenistanyň iň iri dermanhanalaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Biziň Missiýamyz
. Içerki bazary mümkin boldugyça gysga wagtda zerurlyklar bilen üpjün etmek
. Bazar gözlegleri we derňewleri
. Özara peýdaly we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin täze hyzmatdaşlary gözlemek
. Iş ugrunda berilýän önümleriň görnüşini giňeltmek
. Ammardaky harytlar ýetmezçiliginiň öňüni almak
. Durnukly ösüşiň bir bölegi hökmünde, içerki we daşarky gurşawdaky dinamiki üýtgeşmeler kontekstinde döwletiň milli bähbitlerini üpjün edip, derman senagatynda maksatly ösdürmek
. Töwekgelçilikleri dolandyrmak, kadalaştyryjy talaplary berjaý etmek, işleriň we zerurlyklarlaryň gözegçiligi

Biziň Maksadymyz
Müşderileriniň we hyzmatdaşlarynyň üstünlikleri üçin hünär hyzmatyny hödürläp, halkara
abraýyna we ynamyna eýe bolan öňdebaryjy we bäsdeşliksiz derman kärhanasy bolmak.
Şeýle hem, halkara lukmançylyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy gurmak maksat edindik.
Name üçin bizi saýlaýarlar?
- • Biz, “Siziň aladanyňyz biziň işimiz” ýörelgesine eýerýän hyzmatlary hödürleýäris
- • Biziň toparymyzyň halkara derejesinde bolan tejribä we bilime eýedir
- • Müşderiniň garaşyşlaryndan has ýokary hyzmatlary yzygiderli gowulandyrmaga çalyşýarys
- • Gizlinlik we dogruçyllyk ýörelgelerini hemme zatdan ýokary tutýarys.




